Çarşenbe, 09 Iýul 2025

2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzetdiler

Google kompaniýasy 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.

Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2025-01-01) çykmagy bilen jemi 26 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, Media Framework, System we Google Play system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 13 sany hukuklary artdyrmak, 6 sany uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 3 sany gizlin maglumatlary aýan etmek we 2 sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny getirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýärler.

2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2025-01-05) Imagination Technologies, MediaTek we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 12 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Android howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz - android.com

07 Ýanwar 2025

-
36