Adobe kompaniýasy ColdFusion üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Adobe kompaniýasy ColdFusion önüminiň gowşaklygyny (CVE-2024-53961) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamda maglumatlary üýtgetmek we maglumatlary aýan etmek üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp biler.
Gowşaklyk ColdFusion 2023 update 12 we ColdFusion 2021 update 18 wersiýalaryny çykarmak arkaly düzedildi.
Ulanyjylara Adobe kompaniýanyň aşakda görkezilen howpsuzlyk maslahaty bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - APSB24-107.
26 Dekabr 2024