Sap 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
SAP kompaniýasy birnäçe önümlerine täsir edýän gowşaklyklary aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ygtyýarsyz ulanyjy gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler. SAP kompaniýasy 10 sany täze howpsuzlyk bildirişleri çykardy we öň çykarylan 3 sany howpsuzlyk bildirişleri täzeledi. SAP kompaniýasy ulanyjylaryna SAP gurşawyny goramak üçin düzedişleri ulanmagy maslahat berýär.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada giňişleýin maglumaty SAP kompaniýanyň 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – sap.com
23 Dekabr 2024