Microsoft kompaniýasy 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Microsoft kompaniýasy 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy.
Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 27 sany gowşaklyk - hukuklary artdyrmak, 30 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 7 - maglumatlary aýan etmek, 5 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 1 - spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.
Şeýle hem, 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň «Sişenbe düzedişleri» bir sany 0-day gowşaklygy üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyk:
CVE-2024-49138 - Hukuklary artdyrmaklyga getirýän Windows Common Log ulgamynyň faýl draýwerynyň gowşaklygy
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz - microsoft.com
13 Dekabr 2024