2024-nji ýylyň dekabr aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzetdiler
Google kompaniýasy 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.
Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2024-12-01) çykmagy bilen jemi 6 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, System we Google Play system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 5 sany hukuklary artdyrmak, 1 sany uzaklykdan kod ýerine ýetirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýärler.
2024-nji ýylyň dekabr aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2024-12-05) Imagination Technologies, MediaTek we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 8 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Android howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz - android.com
04 Dekabr 2024