Microsoft hyzmatlarynyň işinde bökdençlik DNS serwerlerine amala aşyrylan DdoS sebäpli ýüze çykdy
Microsoft wekilleri täzelikde bolan birnäçe bulut hyzmatlarynyň işinde bökdençlik döremeginiň sebäpleri barada aýdyp berdiler. Hyzmatlaryň takmynan iki sagatlyk öçmegi, Azure-de saklanýan domenler toplumyna gönükdirilip, bütin dünýäden gelen DNS ýüzlenmeleriň "adatdan daşary köpelmegi" netijesinde DDoS sebäpli ýüze çykdy.
Geçen hepde Microsoft ulanyjylary Xbox Live, Microsoft Office, SharePoint Online, Microsoft Intune, Dynamics 365, Microsoft Teams, Skype, Exchange Online, OneDrive, Yammer, Power BI., Power Apps, OneNote, Microsoft Managed Desktop we Microsoft Streams ýaly birnäçe bulut hyzmatlaryna girip bilmediler.
Kompaniýanyň habaryna görä, DNS hyzmatlaryna agram düşmegi sebäpli ulanyjylar ýüzlenmeleri ýygy-ýygydan gaýtaladylar, bu bolsa meseläni ulaltdy. Bu synanyşyklar resmi bolandyklary sebäpli köp sanly ýüzlenmeleri ýatyrma ulgamy tarapyndan petiklenmedi.
Microsoft-yň wekilleri bu oňaýsyzlyk üçin ötünç soradylar we meseläniň düzedilendigini habar berdiler.
Çeşme: securitylab.ru
06 Aprel 2021