D-Link kompaniýasy routerleriniň gowşaklygy barada habar berdi
D-Link kompaniýasy ulanyş möhleti gutaran alty sany router modellerine täsir edýän uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygy barada habar berdi.
Bu mesele buferiň aşa dolmagyna getirýän gowşaklyk diýip häsiýetlendirilýär we uzaklykdan, autentifikasiýa bolmadyk ýaramaz niýetli ulanyjylara gowşak önümlerde islendik kod ýerine ýetirmek mümkinçiligini berýändigi barada habar berilýär.
D-Link maglumatlaryna görä, bu howpsuzlyk gowşaklygy DSR-150, DSR-150N, DSR-250, DSR-250N, DSR-500N we DSR-1000N router modelleriniň ähli enjam wersiýalaryna täsir edýär we olar üçin düzedişler çykarylmaýar.
Kompaniýa bu enjamlary ulanýan ulanyjylara soňky çykan we goldawy bolan önümler bilen çalyşmagy maslahat berýär.
Çeşme: dlink.com
27 Noýabr 2024