Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google kompaniýasy Chrome 131.0.6778.85 (Linux), 131.0.6778.85/.86 (Windows/Mac) wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin ulanyp bilýän gowşaklyklary aýyrýar. Bu täzelenme 3 sany howpsuzlyk düzedişleri öz içine alýar.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com.
22 Noýabr 2024