Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Netgear birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Netgear kompaniýasy köp sanly gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan nyşana alnan ulgamda «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny getirmek, hukuklary artdyrmak, maglumatlary üýtgetmek, howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek, uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, saýtara skripting amala aşyrmak we gizlin maglumatlary aýan etmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler. Täsir edýän gowşaklyklar:

  • Netgear WAX630E 10.8.8.7 wersiýasyndan öň çykan wersiýalaryna;

  • Netgear XR1000 1.0.0.74 wersiýasyndan öň çykan wersiýalaryna;

  • Netgear XR1000v2 1.1.1.22 wersiýasyndan öň çykan wersiýalaryna;

  • Netgear Insight 7.4 wersiýasyndan öň çykan wersiýalaryna;

  • Netgear RBK852 7.2.6.21 wersiýasyndan öň çykan wersiýalaryna;

  • Netgear RBR850 7.2.6.21 wersiýasyndan öň çykan wersiýalaryna;

  • Netgear RBS850 7.2.6.21 wersiýasyndan öň çykan wersiýalaryna.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Netgear howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz – netgear.com

12 Noýabr 2024

-
26