Çarşenbe, 09 Iýul 2025

AMD Zen 3 prosessorlarynyň täze funksiýasynyň gowşaklygy ýüze çykaryldy

AMD kompaniýasy ulanyjylara Zen 3 prosessorlarynda Predictive Store Forwarding (PSF) atly funksiýany CPU gizlin amallar üçin ulanmak üçin niýetlenen ýagdaýynda, öçürmegi maslahat berdi. Bu funksiýa esasy däl kanallaryň üsti bilen amala aşyrylýan kiberhadysalardan goragsyz bolup durýar.

PSF – bu çaklama mehanizmi bolup, Zen 3 arhitekturasy esasynda işleýän prosessorlaryň işleýşiniň möhüm elementlerinden biri bolup durýar. Bu funksiýa prosessoryň logikasy ýüklemegiň netijesini çaklamaga synanyşanda we nobatda duran instruksiýalary ýerine ýetirip başlanda, instruksiýalary çaklamak arkaly ýerine ýetirmek prosesi ulanýar. Öndürijiniň düşündirmegine görä, PSF funksiýasy köplenç takyk netijeleri berýär, emma käbir ýagdaýlarda nädogry çaklamalara getirýän ýalňyş netijeleri hem berip bilýär.

AMD kompaniýanyň habaryna görä, PSF funksiýasy ýaramaz niýetli ulanyjylar tarapyndan esasy däl kanallaryň üsti bilen teoretiki taýdan zyýan ýetirmek mümkin, mysal üçin, "haýsydyr bir howpsuzlyk gözegçiligini amala aşyrýan" koduň bolmagy bilen çaklama mehanizmi ýalňyş işlemegi bu kody aýlanyp geçmek mümkinçiligi döreýär.

“Bu ýagdaý, programmada (mysal üçin, web-brauzer) ygtybarly bolmadyk koduň bölekleri saklananda bolup biler we bu kod prosessoryň çaklamak arkaly ýerine ýetirmek prosesine täsir edip, netijede maglumatlaryň syzmagyna getirip biler. Bu Spectre-görnüşli zyýanly herekete barabar howpsuzlyk töwekgelçiligine meňzeýär", - diýip AMD beýan etdi.

Zen 3 prosessorlarynda PSF funksiýasy deslapky görnüşde işledilendigi sebäpli, AMD bu funksiýany nädip öçürilýändigi barada görkezmeleri işläp taýýarlady, şeýle hem bu funksiýany işletmek/öçürmek üçin Linux ulgamy üçin niýetlenen düzedişi taýynlady.

Muňa garamazdan, PSF funksiýanyň gowşaklygy ulanylmagy barada maglumatlaryň ýoklugy sebäpli kompaniýa häzirlikçe bu funksiýany öçürmezligi maslahat berýär. PSF funksiýasynyň öçürilmegi prosessoryň işine täsir etmegi mümkin, emma kompaniýa bu barada hiç hili görkezme bermedi.

Çeşme: securitylab.ru

05 Aprel 2021

-
83