Çarşenbe, 09 Iýul 2025

NVIDIA kompaniýasy programma üpjünçiligi üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

NVIDIA kompaniýasy programma üpjünçiliginiň grafiki prosessorlaryň displeý draýwerleri üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy. Howpsuzlyk täzelenmesi Windows we Linux GPU draýwerlerinde 8 sany gowşaklygy düzedýär. Bu täzelenme erkin kody ýerine ýetirmek, hyzmat etmekden ýüz öwürmek, hukulary artdyrmak, maglumatlary aýan etmek we maglumatlary üýtgetmek mümkinçiligine sebäp bolup biljek gowşaklyklary düzedýär.

Nvidia, GeForce, NVIDIA RTX, Quadro, NVS, Tesla we Windows üçin R565, R560, R555, R550 we R535 draýwer şahamçalarynda we Linux üçin R565, R550 we R535 şahamçalarynda täzelenmeleri çykardy.

NVIDIA kompaniýanyň vGPU programma üpjünçiligi iki sany gowşaklyklary saklaýar (CVE‑2024‑0127 we CVE‑2024‑0128). Emma iki mesele-de hukuklary artdyrmak, maglumatlary aýan etmek we maglumatlary üýtgetmek mümkinçiligini berýän bolsa-da, birinji gowşaklyk şeýle hem erkin kod ýerine ýetirmek we hyzmat etmekden ýüz öwürmek (DoS) ýagdaýyna getirmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp bilner.

Ulanyjylara NVIDIA täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär – nvidia.com

31 Oktýabr 2024

-
27