Microsoft kompaniýasy 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Microsoft kompaniýasy 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy.
Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 28 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 7 - howpsuzlyk çäklendirmelerini aýlanyp geçmek, 43 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 6 – maglumatlary aýan etmek, 26 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 7 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.
Şeýle hem, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň «Sişenbe düzedişleri» bäş sany 0-day gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com
24 Oktýabr 2024