2024-nji ýylyň Oktýabr aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzetdiler
Google kompaniýasy 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.
Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2024-10-01) çykmagy bilen jemi 9 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, System we Google Play system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 4 sany hukuklary artdyrmak, 1 sany uzaklykdan kod ýerine ýetirmek we 2 sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýärler.
2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2024-10-05) Imagination Technologies, MediaTek we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 19 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Android howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – android.com
21 Oktýabr 2024