Google Play Store arkaly ýaýraýan zyýanly programma ýüze çykaryldy
Bilermenler «Necro» troýanyň täze wersiýasyny ýüze çykardylar, bu troýan programma üpjünçiligi işläp düzmek (SDK) üçin ulanylýan zyýanly paketleri arkaly gurnalýardy. «Necro» troýany resmi programmalarda (Wuta Camera, Max Browser) we Spotify Plus, WhatsApp we Minecraft ýaly meşhur programmalaryň üýtgedilen wersiýalarynda ýüze çykaryldy.
«Necro» zyýanly programma üpjünçiligi zäherlenen enjamlara birnäçe zyýanly ýükleri ýükleýär we dürli zyýanly plaginleri işjeňleşdirýär, şol sanda:
Gözlegçiler zyýanly programma üpjünçiligi barada Google Play wekillerine habar bermeginden soňra Wuta Camera programmadan zyýanly ýükleýjisi pozuldy we Max Browser programma Google Play Store-dan aýryldy. Şeýle hem, bilermenler ulanyjylara resmi däl çeşmelerden programmalary ýüklemegi maslahat bermeýärler.
Çeşme: bleepingcomputer.com
25 Sentýabr 2024