Microsoft kompaniýasy 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Microsoft kompaniýasy 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy.
Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 30 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 4 - howpsuzlyk çäklendirmelerini aýlanyp geçmek, 23 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 11 – maglumatlary aýan etmek, 8 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 3 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.
Şeýle hem, 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň «Sişenbe düzedişleri» dört sany 0-day gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com
12 Sentýabr 2024