Zyxel köp sanly önümlerinde howpsuzlyk gowşaklyklaryny düzetdi
Zyxel kompaniýasy köp sanly önümlerine täsir edýän howpsuzlyk gowşaklyklary (CVE-2024-6343, CVE-2024-7203, CVE-2024-42057, CVE-2024-42058, CVE-2024-42059, CVE-2024-42060, CVE-2024-42061) barada ulanyjylaryna habar bermek üçin howpsuzlyk maslahatlary çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» (DoS) ýagdaýyny getirmek, ýadyň syzmagyna getirmek we operasion ulgamyň buýruklaryny ýerine ýetirmek üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler. Gowşaklyklar Zyxel faýerwollaryna, giriş nokatlaryna, şeýle hem howpsuzlyk marşrutizator enjamlaryna (CVE-2024-7261) täsir edýärler.
Zyxel bu gowşaklyklary önümlerinde aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Zyxel howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz – zyxel.com
10 Sentýabr 2024