Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google kompaniýasy Chrome 128.0.6613.84 (Linux), 128.0.6613.84/.85 (Windows/Mac) wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin ulanyp bilýän gowşaklyklary aýyrýar. Bu täzelenme 38 sany howpsuzlyk düzedişleri öz içine alýar. Google kompaniýasy bu gowşaklyk (CVE-2024-7971) ulanylýan bolmagy mümkin diýip belleýär.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com.
23 Awgust 2024