Sişenbe, 08 Iýul 2025

2024-nji ýylyň Awgust aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzetdiler

Google kompaniýasy 2024-nji ýylyň awgust aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.

Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2024-08-01) çykmagy bilen jemi 14 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklara 11 sany hukuklary artdyrmak, 2 sany maglumatlary aýan etmek we 1 sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklar girýärler.

2024-nji ýylyň awgust aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2024-08-05) Kernel, Arm, Imagination Technologies, MediaTek we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 32 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar. Şol sanda, bu täzelenmeler ulanyşda bolan uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygy (CVE-2024-36971) hem aýyrýarlar.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Android howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz - android.com.

06 Awgust 2024

-
36