Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft kompaniýasy Windows enjamlary üçin dikeldiş guralyny çykardy

Microsoft kompaniýanyň hünärmenleri CrowdStrike nädogry täzelenmesini gözläp, pozmak üçin WinPE ýörite dikeldiş guralyny çykardylar.

Bu meseläni çözmek üçin administratorlar täsir edilen Windows enjamlaryny howpsuz režimynda ýa-da dikeldiş gurşawynda täzeden açmaly we C:\Windows\System32\drivers\CrowdStrike bukjasyndan näsaz ýadronyň draýwerini el bilen pozmaly.

Şeýle-de bolsa, guramalarda Windows enjamlarynyň ýüzlerçesi, müňlerçesinde näsazlygyň täsir etmegi, bu düzedişleri el bilen ýerine ýetirmek köp wagt talap edip biler we kyn bolup biler. Şol sebäpli Microsoft kompaniýasy Windows enjamlary ýene-de adaty ýagdaýda açylmaklary üçin nädogry CrowdStrike täzelenmesini aýyrmagy awtomatlaşdyrýan ýörite dikeldiş guralyny çykardy.

Çeşme: bleepingcomputer.com

30 Iýul 2024

-
22