Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Apache döredijileri Apache HTTP-serweriň howpsuzlyk täzelenmesini çykardylar

Apache Software Foundation guramasy Apache HTTP-serweriň howpsuzlyk täzelenmesini çykarmak bilen howpsuzlyk gowşaklyklary (CVE-2024-40725, CVE-2024-40898) aýyrdy. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan nyşana alnan ulgamda gizlin maglumatlary aýan etmek we howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp biler. Bu meseleler Apache HTTP Server 2.4.61 we has irki wersiýalaryna täsir edýär. Gowşaklyklar Apache HTTP Server 2.4.62 wersiýasynda düzedildi.

Gowşaklyklar we täzelenme barada goşmaça maglumaty Apache täzelenmesi baradaky habarynda görüp bilersiňiz – apache.org.

23 Iýul 2024

-
21