Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft kompaniýasy Windows 11 22H2 wersiýasynyň goldawy oktýabr aýynda gutarýandygy barada habar berdi

Microsoft kompaniýasy ulanyjylara 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 8-ne operasion ulgamynyň Windows 11 22H2 wersiýasynyň goldawy gutarýandygy barada ýatlatdy.

Microsoft-yň maglumatynda beýan edilmegine görä, Windows 11 22H2, ýagny 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda çykarylan Windows 11 ulgamynyň aşakda görkezilen neşirleriň goldawy gutarýandygyny habar berýär:

  • Windows 11 Home, wersiýa 22H2
  • Windows 11 Pro, wersiýa 22H2
  • Windows 11 Pro Education, wersiýa 22H2
  • Windows 11 Pro for Workstations, wersiýa 22H2.

“2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 8-ne çykaryljak howpsuzlyk täzelenmesiniň çäginde bu wersiýalar üçin täzelenmeler iň soňky sapar goşular”, - diýip Microsoft habarynda beýan edilýär.

Goldawyň gutarmagyndan soňra, Windows 11 22H2 ulgamy bilen işleýän enjamlar her aý çykarylýan howpsuzlyk täzelenmeleri hem-de täze ýüze çykarylan howpsuzlyk howplary üçin düzedişleri öz içine alýan täzelenmeleri bilen üpjün edilmeýär.

Şeýle hem, Microsoft kompaniýasy aýratyn maglumatynda hyzmat ediş möhleti gutaran ýa-da gutarmaga ýakynlaşýan ulgamlara Windows 11 23H2 wersiýasyny awtomatiki ýagdaýda gurnalýandygy barada habar etdi.


 

Çeşme: bleepingcomputer.com

22 Iýul 2024

-
28