Bütindünýä boýunça Windows ulgamy bilen işleýän enjamlaryň işinde näsazlyklar ýüze çykdy
Dünýäniň köp ýurtlarynda Windows ulgamy bilen işleýän enjamlar näsazlyklary başdan geçirýärler, ulanyjylar Windows 10 ulgamy bilen işleýän enjamlarda gök ekrany peýda bolup, işini togtadýanlygy (Blue Screen of Death — BSOD) sebäpli şikaýat edýärler. Bu mesele dürli ýurtlaryň infrastrukturasynyň möhüm böleklerine, ýagny daşary ýurt awiakompaniýalaryň we howa menzilleriň, banklaryň, kommunal edaralaryň, telekommunikasiýa we aragatnaşyk edaralaryň işine täsir etdi.
Mesele maglumat howpsuzlygy boýunça çözgütleri hödürleýän CrowdStrike kompaniýanyň soňky täzelenmeleri bilen baglanyşykly bolmagy mümkin diýip bellenýär. Kompaniýa bu hepde täzelenmeleri çykarandan soňra, Microsoft noutbuklaryň işinde bökdençlik döredip, köp enjamlar öz-özünden öçüp, täzeden açylyp, gök ekranda ýalňyşlyk barada habary peýda bolýardy.
Windows ulgamy bilen işleýän enjamlarda dörän näsazlyklar Awstraliýada, ABŞ-da, Türkiýede, Irlandiýada, Hindistanda, Angliýada, Ýaponiýada we beýleki ýurtlarda köp sanly kompaniýa we döwlet edaralaryna täsir etdiler. Şol sanda, United Airlines, Delta Airlines, Allegiant Airlines, Air France, Turkish Airlines, Ryanair, SpiceJet, Indigo, Lufthansa, Scandinavian Airlines awiakompaniýalary, Edinburg, Sýurih, Praga howa menzilleri, Niderlandiýada Shiphol we Deli howa menzilleri we başgada birnäçe edaralar dörän meseleler barada habar berdiler.
Microsoft ulgam hyzmatynyň işinde bökdençlik bolandygy barada tassyklady we "netijeleri azaltmak boýunça çäreler " görýändigini aýtdy.
Kompaniýada bulut hyzmatlary bilen baglanyşykly meseleleri, şeýle hem birnäçe programmalaryna we hyzmatlarynyň işinde dörän bökdençlikleri aradan aýyrmak üçin işler geçirilýänligi barada bellendi.
Çeşme: ria.ru
19 Iýul 2024