Meşhur Docker Hub şekillerinde kriptomaýnerler ýüze çykaryldy
Palo Alto Networks kompaniýanyň Unit 42 toparynyň howpsuzlyk boýunça gözlegçisi Awiw Sasson Docker Hub kitaphanasynyň 30 sany konteýnerlerinde (programma üpjünçiliginiň paketi) kriptowalýuta gazanmak üçin niýetlenen maýnerleri tapdy, bu konteýnerler 20 milliondan gowrak ulanyjylar tarapyndan ýüklenip alyndy.
Docker Hub – bu konteýner programmalaryň iň uly kitaphanasy bolup, kompaniýalara öz içinde ýa-da müşderileri bilen şekilleri paýlaşmaga, programma döredijileri üçin bolsa açyk düýp kodly taslamalaryny paýlamaga mümkinçilik berýär.
Hünärmeniň sözlerine görä, şekiller 10 sany dürli hasap ýazgylardan ýüklendi. Ýaramaz niýetli ulanyjylar köplenç Monero kriptowalýutany gazanýardylar, emma käbir zyýanly hereketler Grin (GRIN) ýa-da ARO (Aronium) kriptowalýutalaryny gazanmak üçin gönükdirildi.
Çeşme: securitylab.ru
31 Mart 2021