Fortinet kompaniýasy 2024-nji ýylyň iýul aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Fortinet kompaniýasy önümleriniň köp sanly gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Gowşaklyklar FortiOS, FortiProxy, FortiSandbox, FortiWeb, FortiExtender, FortiAIOps, FortiADC we FortiPortal önümlerinde ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, hukuklary artdyrmak, gizlin maglumatlary aýan etmek, “hyzmat etmekden ýüz öwürmek” ýagdaýyny getirmek we saýtara skripting amala aşyrmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Fortinet howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz – fortinet.com
15 Iýul 2024