Microsoft kompaniýasy 2024-nji ýylyň iýul aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Microsoft kompaniýasy 2024-nji ýylyň iýul aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy.
Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 26 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 24 - howpsuzlyk çäklendirmelerini aýlanyp geçmek, 59 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 9 – maglumatlary aýan etmek, 17 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 7 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.
Şeýle hem, 2024-nji ýylyň iýul aýynyň «Sişenbe düzedişleri» dört sany 0-day gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2024-nji ýylyň iýul aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.
Çeşme: bleepingcomputer.com
10 Iýul 2024