Cisco kompaniýasy NX-OS ulgamynda 0-day gowşaklygy düzetdi
Cisco kompaniýasy NX-OS ulgamynda buýruklary girizmek mümkinçiligini berýän 0-day gowşaklygy düzetdi. Gowşaklyk üçin CVE-2024-20399 identifikatory we CVSS görkezijisi boýunça 6.0 derejesi berildi. CVE-2024-20399 gowşaklygy NX-OS ulgamynyň buýruk setiriniň interfeýsine täsir edip, ýaramaz niýetli ulanyjy üçin root-hukuklary bilen özbaşdak buýruklary ýerine ýetirmek mümkinçiligini berýär.
CVE-2024-20399 gowşaklygy Cisco swiçleriň MDS 9000, Nexus 3000, Nexus 5500, Nexus 5600, Nexus 6000, Nexus 7000 we Nexus 9000 tapgyrlaryna täsir edýär we häzirki wagtda bu enjamlar üçin täzelenmeler çykaryldy.
Gowşaklyk we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Cisco howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – cisco.com.
09 Iýul 2024