VMware önümlerinde aministratoryň hasap ýazgylaryny ogurlamak mümkinçiligini berýän ýalňyşlygy düzetdi
Vmware kompaniýasy gowşak serwerleri ulanmak arkaly aministratoryň hasap ýazgylaryny ogurlamak mümkinçiligini berýän vRealize Operations çözgüdiniň örän howply gowşaklygyny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini köpçülige çykardy.
vRealize Operations - bu lokal çözgüdi ýa-da SaaS çözgüdi hökmünde elýeterli bolup, hususy, gibrid we köp sanly bulut gurşawlar üçin niýetlenen emeli intellekt esasynda işleýän awtomatiki usulda IT-prosesleri dolandyryş guralydyr.
Bu gowşaklyk barada VMware kompaniýasyna Positive Technologies-dan web-howpsuzlygy boýunça gözlegçi Ýegor Dmitrenko tarapyndan habar berildi.
CVE-2021-21975 barabarlaýjy bilen bellenen gowşaklyk vRealize Operations Manager API önüminde serwer tarapyndan galp ýüzlenmeleri ibermek (Server Side Request Forgery, SSRF) ýalňyşlygy sebäpli ýüze çykdy.
Vmware kompaniýasy bu gowşaklyga 10-dan 8,6 derejesi bilen örän howply gowşaklyk diýip baha berdi.
VRealize Operations üçin howpsuzlyk düzedişleri nädip almalydygy barada giňişleýin maglumaty aşakda görkezilen habarlarda görüp bilersiňiz:
Çeşme: bleepingcomputer.com
31 Mart 2021