Sişenbe, 08 Iýul 2025

2024-nji ýylyň iýul aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzetdiler

Google kompaniýasy 2024-nji ýylyň iýul aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.

Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2024-07-01) çykmagy bilen jemi 8 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, System we Google Play system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 7 sany hukuklary artdyrmak we 1 sany maglumatlary aýan etmek gowşaklyklary girýärler.

2024-nji ýylyň iýul aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2024-07-05) Kernel, Arm, Imagination Technologies, MediaTek we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 19 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Android howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – android.com.

03 Iýul 2024

-
43