Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google Chrome brauzerinde 6 sany howpsuzlyk gowşaklyklary ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny getirmek we uzaklykdan kod ýerine ýetirmek üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler. Google kompaniýasy gowşaklyklary düzetmek üçin 126.0.6478.114/115 (Windows/Mac), 126.0.6478.114 (Linux) wersiýalaryny çykardy.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär – googleblog.com.
20 Iýun 2024