Microsoft kompaniýasy 2024-nji ýylyň iýun aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Microsoft kompaniýasy 2024-nji ýylyň iýun aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy.
Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 25 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 18 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 3 – maglumatlary aýan etmek we 5 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek mümkinçilikleri berýärler.
Şeýle hem, 2024-nji ýylyň iýun aýynyň «Sişenbe düzedişleri» bir sany 0-day gowşaklygy üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyk:
CVE-2023-50868 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek mümkinçiligi berýän gowşaklyk.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2024-nji ýylyň iýun aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.
Çeşme: bleepingcomputer.com
14 Iýun 2024