Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Fortinet kompaniýasy 2024-nji ýylyň maý aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Fortinet kompaniýasy önümleriniň köp sanly gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Gowşaklyklar FortiOS, FortiProxy, FortiSandbox, FortiWeb, FortiNAC, FortiWebManager, FortiSOAR, FortiVoice, FortiAuthenticator, FortiSwitchManager, FortiADC, FortiPortal we FortiPAM önümlerinde ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, hukuklary artdyrmak, howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek, “hyzmat etmekden ýüz öwürmek” ýagdaýyny getirmek we saýtara skripting amala aşyrmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Fortinet howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz – fortinet.com

20 Maý 2024

-
32