2024-nji ýylyň Maý aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzetdiler
Google kompaniýasy 2024-nji ýylyň maý aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.
Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2024-05-01) çykmagy bilen jemi 11 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, System we Google Play system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 7 sany hukuklary artdyrmak we 1 sany maglumatlary aýan etmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýärler.
2024-nji ýylyň maý aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2024-05-05) Kernel, Arm , MediaTek we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 18 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Android howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – android.com
13 Maý 2024