Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google Chrome brauzerinde 1 sany howpsuzlyk gowşaklygyny (CVE-2024-4671) ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek we «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp biler. Google kompaniýasy gowşaklygy düzetmek üçin 124.0.6367.201/.202 (Mac, Windows), 124.0.6367.201 (Linux) wersiýalaryny çykardy. Google kompaniýasy bu gowşaklyk (CVE-2024-4671) ulanyşda bolmagy mümkin diýip belleýär.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär – googleblog.com
13 Maý 2024