Apple howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Apple kompaniýasy ulanyşda bolan 0-day gowşaklygy aýyrýan iPhone, iPad, iPod we Apple Watch enjamlary üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. CVE-2021-1879 belgisi bilen bellenen gowşaklyk Google Threat Analysis Group topary tarapyndan ýüze çykaryldy. Bu mesele Webkit brauzer hereketlendirijisine täsir edip, saýtara skripting (cross-site scripting — XSS) amala aşyrmak mümkinçiligini berýär. Bu zyýanly hereketi amala aşyrmak üçin ulanyjynyň enjamda zyýanly web-kontenty açmagy zerurdyr.
Apple kompaniýasy 0-day gowşaklygy iOS 14.4.2 we iPadOS 14.4.2, iOS 12.5.2 we WatchOS 7.3.3 önümlerinde aýyrdy.
Gowşaklyk we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty aşakda görkezilen önümleriň Apple kompaniýanyň howpsuzlyk sahypasynda görüp bilersiňiz:
29 Mart 2021