Microsoft kompaniýasy 2024-nji ýylyň aprel aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2024-nji ýylyň aprel aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde birnäçe howpsuzlyk gowşaklyklary düzetdi.
Düzedilen gowşaklyklaryň arasynda 31 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 29 - howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek 67 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 13 – maglumatlary aýan etmek, 7 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 3 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.
Şeýle hem, 2024-nji ýylyň fewral aýynyň «Sişenbe düzedişleri» iki sany 0-day gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2024-nji ýylyň aprel aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.
12 Aprel 2024