Sişenbe, 08 Iýul 2025

2024-nji ýylyň Aprel aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzetdiler

Google kompaniýasy 2024-nji ýylyň aprel aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.

Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2024-04-01) çykmagy bilen jemi 8 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework we System düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 3 sany hukuklary artdyrmak, 2 sany maglumatlary aýan etmek we 3 sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýärler.

2024-nji ýylyň aprel aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2024-04-05) Widevine, MediaTek we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 20 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Android howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – android.com

05 Aprel 2024

-
63