Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google Chrome brauzerinde 7 sany howpsuzlyk gowşaklyklary ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek üçin we «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler. Google kompaniýasy gowşaklyklary düzetmek üçin 123.0.6312.86/.87 (Windows/Mac), 123.0.6312.86 (Linux) wersiýalaryny çykardy.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär – googleblog.com
28 Mart 2024