Microsoft kompaniýasy Windows ulgamynyň köne wersiýalarynda çap etmek meselesi üçin düzedişleri çykardy
Microsoft kompaniýasy 2021-nji ýylyň mart aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde çykarylan täzelenmeleri sebäpli dörän printer meselelerini düzetmek üçin Windows 7, 8.1, Windows Server 2008 we Windows Server 2012 üçin meýilleşdirilmedik gyssagly täzelenmeleri çykardy.
Microsoft kompaniýasy täzelikde çykaran meýilleşdirilmedik täzelenmelerinde Windows 10 ulgamynyň çap etmek meselelerini düzedip, Windows ulgamynyň köne wersiýalary üçin hem täzelenmeleri çykardy.
Bu täzelenmeler aşakda görkezilen çap etmek meselelerini düzedýär:
• resminamanyň bir bölegi gara ýa-da reňkli gönüburçluklar hökmünde çap edilmegi mümkin ýa-da bir bölegini, ýagny ştrih-kodlary, QR-kodlary, grafiki elementleri çap etmän bilýär;
• tablisanyň setirlerini çap etmän bilýär, şeýle hem resminamada deňlemek, düzetmek bilen baglanyşykly beýleki meseleler bolup bilýär;
• käbir programmalaryň ýa-da käbir printerleriň üsti bilen çap edilende boş sahypa çykyp bilýär.
Häzirki wagtda täzelenmeleri Microsoft täzelenmeler merkezinden aşakda görkezilen salgylar boýunça almak mümkin:
Çeşme: bleepingcomputer.com
24 Mart 2021