Microsoft kompaniýasy 2024-nji ýylyň mart aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2024-nji ýylyň mart aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde birnäçe howpsuzlyk gowşaklyklary düzetdi.
Düzedilen gowşaklyklaryň arasynda 24 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 3 - howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek 18 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 6 – maglumatlary aýan etmek, 6 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 2 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2024-nji ýylyň mart aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.
Çeşme: anti-malware.ru
13 Mart 2024