Adobe kompaniýasy ColdFusion önümi üçin düzediş çykardy
Adobe programma döredijileri ColdFusion önüminiň 2021 (şol sanda 2021.0.0.323925), 2016 we 2018 wersiýalaryna täsir edýän örän howply gowşaklygy aýyrmak üçin gyssagly täzelenme köpçülige çykardy.
Bu mesele CVE-2021-21087 belgisi bilen bellenip, girizilýän maglumatlar ýeterlik derejede barlanylmaýanlygy (Improper Input Validation) bilen baglanyşykly bolup durýar. Bu gowşaklygyň ulanylmagy uzaklykdan erkin kod ýerine ýetirmek mümkinçiligini berýär.
Çeşme: xakep.ru
24 Mart 2021