2024-nji ýylyň mart aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzetdiler
Google kompaniýasy 2024-nji ýylyň mart aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.
Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2024-03-01) çykmagy bilen jemi 13 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework we System düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 7 sany hukuklary artdyrmak, 4 sany maglumatlary aýan etmek, 1 sany uzaklykdan kod ýerine ýetirmek we 1 sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýärler.
2024-nji ýylyň mart aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2024-03-05) AMLogic , Arm, MediaTek we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 25 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Android howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – android.com
07 Mart 2024