Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Windows 10 ulgamy üçin BSOD meselesini aýyrýan gyssagly düzediş çykaryldy

Microsoft kompaniýasy şu aý ýüze çykan Windows 10 ýalňyşlygy aradan aýyrýan gyssagly ýagdaýda meýilleşdirilmedik täzelenmeleri çykardy. Microsoft kompaniýanyň mart aýynyň düzedişler toplumy çykarylmagyndan soňra, Windows ulanyjylaryna "APC_INDEX_MISMATCH" ýalňyşlygy sebäpli kynçylyk döretdi. Operasion ulgamy printeri ulanmak prosesinde diňe ýalňyşlyk barada habary bilen gök ekrany(BSOD) görkezip, işini togtadýardy.

Bu täzelenmeler awtomatiki usulda gurnalmaýanlygy barada bellemek gerek. Täzelenmeleri gurnamak üçin ulanyjylar sazlamalarda «Windows Update» girip, täzelenmeleri barlap görmeli. Soňra düzedişleri el bilen ýükläp alyp bolýar.

Çeşme: anti-malware.ru

17 Mart 2021

-
74