Çarşenbe, 09 Iýul 2025

2024-nji ýylyň fewral aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzetdiler

Google kompaniýasy 2024-nji ýylyň fewral aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.

Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2024-02-01) çykmagy bilen jemi 15 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework we System düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 9 sany hukuklary artdyrmak, 5 sany maglumatlary aýan etmek we 1 sany uzaklykdan kod ýerine ýetirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýärler.

2024-nji ýylyň fewral aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2024-02-05) Arm, MediaTek, Unisoc we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 31 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Android howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – android.com.

07 Fewral 2024

-
47