Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google Chrome brauzerinde 3 sany howpsuzlyk gowşaklyklary ýüze çykaryldy. Google kompaniýasy gowşaklyklary düzetmek üçin 121.0.6167.160 (Linux/Mac), 121.0.6167.160/161 (Windows) wersiýalaryny çykardy. Gowşaklyklar barada giňişleýin maglumat:
Mojo ýagdaýynda boşadylan ýady ulanmak gowşaklygy (use after free) – CVE-2024-1284;
Skia hereketlendirijisinde buferiň aşa dolmagy gowşaklygy – CVE-2024-1283.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär – googleblog.com.
07 Fewral 2024