Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

Google Chrome brauzerinde 4 sany howpsuzlyk gowşaklyklary ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler. Google kompaniýasy gowşaklyklary düzetmek üçin 121.0.6167.139 (Linux/Mac), 121.0.6167.139/140 (Windows) wersiýalaryny çykardy.

Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär – googleblog.com.

05 Fewral 2024

-
36