Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google Chrome brauzerinde howpsuzlyk gowşaklygy (CVE-2024-0333) ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp biler. Google kompaniýasy gowşaklygy düzetmek üçin 120.0.6099.216 (Linux/Mac), 120.0.6099.216/217 (Windows). wersiýalaryny çykardy.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com.
10 Ýanwar 2024