Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft kompaniýasy 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde birnäçe howpsuzlyk gowşaklyklary düzetdi.

Düzedilen gowşaklyklaryň arasynda 10 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 7 - howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek 12 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 11 – maglumatlary aýan etmek, 6 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 3 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.

Çeşme: bleepingcomputer.com

10 Ýanwar 2024

-
40