2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzetdiler
Google kompaniýasy 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.
Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2024-01-01) çykmagy bilen jemi 11 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, System we Google Play system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 5 sany hukuklary artdyrmak we 5 sany maglumatlary aýan etmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýärler.
2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi Arm, Imagination Technologies, MediaTek, Unisoc we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 48 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.
Şeýle hem, Google kompaniýasy Pixel enjamlary üçin düzedişleri çykaryp, Qualcomm düzüm böleklerinde köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrandygy barada habar berdi.
05 Ýanwar 2024