Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Google kompaniýasy Chrome brauzeriň 0Day-gowşaklygyny aýyrdy

Google kompaniýasy Windows, Mac we Linux ulanyjylary üçin Chrome 89.0.4389.90 wersiýasyny çykaryp, Chrome brauzeriň ulanyşda bolan 0Day-gowşaklygyny (CVE-2021-21193) aradan aýyrdy. Google kompaniýasy CVE-2021-21193 belgili gowşaklyga örän howply derejede baha berdi. Google bu meseläni Blink hereketlendirjisinde ýady boşadansoň peýdalanmak ýalňyşlygy (use after free) diýip beýan edýär, Blink — bu Chromium brauzerde ulanylýan web sahypalary görkezmek üçin niýetlenen open-source hereketlendirijisidir. 0Day-gowşaklyk üstünlikli ulanylan ýagdaýynda, Chrome brauzeriň gowşak wersiýalary bolan ulgamlarda erkin kod ýerine ýetirmek mümkinçiligini berip bilýär. Bu täzelenme jemi 5 sany howpsuzlyk düzedişleri öz içine alýar.

Täzelenme barada goşmaça maglumaty Google sahypasynda görüp bilersiňiz — googleblog.com.

Çeşme: bleepingcomputer.com

15 Mart 2021

-
88