Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft kompaniýasy 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde birnäçe howpsuzlyk gowşaklyklary düzetdi.

Düzedilen gowşaklyklaryň arasynda 10 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 8 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 6 – maglumatlary aýan etmek, 5 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 5 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.

Şeýle hem, 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň «Sişenbe düzedişleri» bir sany 0-day gowşaklygy üçin düzedişi öz içine alýar, bu gowşaklyk:

CVE-2023-20588 – gizlinligiň ýitmegine getirip bilýän AMD gowşaklygy.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.

 

Çeşme: bleepingcomputer.com

13 Dekabr 2023

-
32